“Güneşli ükämiň nowça gülleri”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 2-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Güneşli ülkämiň nowça gülleri” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çagalar-durmuşyň nowça güli. Çagalar barada alada diňe bir maşgalanyň däl eýsem döwletiň hem-de bütin dünýäniň aladasy. Çärede çykyş edenler her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň dünýä ýüzünde uludan bellenilmegide ösüp gelýän ýaş nesliň geljeginiň bagtyýar bolmagyna gönükdirilendigi şeýle-de bagtly çagalygyň ajaýyp mekany bolan Türkmenistan döwletimizde çagalaryň okamagy, rahat dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim ojaklary, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi, çagalaryň yhlasly okamaklary ylmy-edebi döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary, umuman aýdanymyzda kämil ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw etdiler.