“Çaga-göwnüň çagy, öýüň çyragy” ady bilen geçirilen edebi ertirlik


“Çaga-göwnüň çagy, öýüň çyragy” ady bilen geçirilen edebi ertirlik



Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde Türkmen döwlet gurjak teatrynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, “Çaga-göwnüň çagy, öýüň çyragy” ady bilen edebi ertirlik geçirildi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda teatryň artistleri gurjaklar bilen dürli sahna oýunlaryny, baýramçylyk mynasybetli çykyşlary görkezdiler. Täsirli sahna oýunlaryna körpejeler uly höwes bilen tomaşa etdiler.
Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekileri çagajyklara okap berdiler. Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar çagalara gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.