“Dünýäň mahmal owazy, çagajyklaň gülküsi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Çynar” çagalar dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Dünýäň mahmal owazy, çagajyklaň gülküsi” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmeginde ösüp gelýän ýaş nesliň geljeginiň bagtyýar bolmagyna gönükýändigi şeýle-de bagtly çagalygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde çagalaryň erkana ösüp, ajaýyp çagalar baglarynda terbiýelenip, ak mekdeplerde okap bilim almaklary, tomusky dynç alyş möwsümlerinde bolsa ýurdumyzyň gözel künjeklerinde rahat dynç alyp wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi hem-de çagalaryň yhlasly okamaklary ylmy edebi döredijilik bilen meşgullanmaklaryny, umuman aýdanymyzda kämil ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda çagalar baýramçylygy mynasybetli gurnalan kitap sergide Türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň isleg arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.