“Sportuň ösen Watany”


“Sportuň ösen Watany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Ak şäherim Aşgabat binasynda “Sportuň ösen Watany” ady bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleri bilen duşuşyk çäresi geçirildi.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi Watanymyzyň halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Çärede sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi bolmak bilen, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, milli hem-de ähli umumy derejede jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.