“Sportuň ösen Watany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasatynyň Baş müdirliginiň 1- nji sport mekdebiniň türgenleriniň arasynda gurnalmagynda “Sport-saglyk hem işjeňlik” ady bilen gürrüň geçirdi.
Çärede çykyş edenler Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasatynyň Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň türgenleri okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanýan çagalaryň arasynda “Sport-saglyk hem işjeňlik” ady bilen gürrüň geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgiýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýändigi, sportyň dürli görnüşleriniň ýaşlaryň arasynda wagyz edilýänligi sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty hem ýurdumyzda giň gerime eýe bolup, uludan-kiçä hemmeleriň söýgüli pişesine öwrüldi. Sport bilen meşgullanýan adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentliginiň artýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşliginiň taplanmagyna oňaýly täsir edýändigini nazarda tutanyňda, Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaç alýan sportuň ýurduna öwrülmeginiň çuňňur
many-mazmuna öwrülenligi barada gürrüň berdiler.
Çärede çykyş edenler saglyk ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, ekologiýa abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýändigini gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözler aýdyldy.