Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-ömürlere şamçyrag
Aşgabat şäher medeniýet Müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary- ömürlere şamçyrag” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bilimleriň çeşmesi bolan kitap adamzadyň ýaşaýşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlykdyr. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy
şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus, iňlis, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Abadançylygyň röwşen gadamlary”, ”Ömrümiň manysy” atly ajaýyp gymmatly eserlerinden çärä gatnaşanlar täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti, janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.