“Ylym rowaçlyklaryň altyn sakasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym rowaçlyklaryň altyn sakasy” ady bilen çäre geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabyndan çuňňur manyly çykyşlarynda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada aýdan pähim-parasatly sözlerinden alnan parçalardan bölekler okap berildi. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesillere ylym-bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de ylym ulgamyny ösdürmegiň iň bir ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülendigi, ylym öwrenýän ýaş nesiller kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýändikleri barada çykyş edildi.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.