“Jadyly ertekileriň dünýäsi”


“Jadyly ertekileriň dünýäsi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Jadyly ertekileriň dünýäsi” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Çärede tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyşda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de çaganyň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetimiň, dünýägaraýşyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalara “Türkmen halk ertekileri”, “Görogly” eposyndan ”Gyratyň ogurlanyşy”, ”Öweziň halas edilşi”, ”Ýartygulagyň başdan geçirenleri” ýaly kitaplaryň gahrymanlary barada okaldy we gürrüň berildi, şeýle-de çagalaryň söýgüli şahyry Kaýum Taňrygulyýewiň “Heýjan elek, jan elek” atly kitabyndan matallardyr, sanawaçlar, ýaňyltmaçlardyr, tapmaçalardan sorag-jogaply oýunlar geçirildi. Bu bolsa çärä gatnaşan körpe nesillerde uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 alt=