“El hünäri –köňül owazy”


“El hünäri –köňül owazy”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “El hünäri –köňül owazy” ady bilen Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda el işleri esasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Gyzjagazlar hem el işleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen milli el işlerinden gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda edebi mirasymyzy, milli el işlerimizi ýaş nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.