“Milli oýunlaryň terbiýedäki orny” atly söhbetdeşlik


“Milli oýunlaryň terbiýedäki orny” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda türkmen milli oýunlary barada “Milli oýunlaryň terbiýedäki orny” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Çagalar özara küşt, düzzüm ýaly pikirli oýunlar hem-de hereketli oýunlaryň birnäçesi esasynda özara bäsleşdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.