“Milli medenýetiň güllän zamany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň güllän zamany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Söhbetdeşlikde Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar, kalbyňy buýsançdan doldurýan milli medeniýetimiziň gülläp ösýän ýurdunda eziz Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri baradaky aladalaryň geriminiň artýanlygy hem-de Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýan Magtymguly Pyragynyň danalyga, pähim-parasada ýugrulan şahyrana dünýäsi türkmeni, türkmen şygryýetini dünýä tanadanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy uly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.