“Kitaphanalar – asyrlaryň paýhas hazynasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Kitaphanalar – asyrlaryň paýhas hazynasy” atly maslahat geçirildi.
Bu maslahata kitaphana hünärmenleri hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygy, şonuň üçin hem bu alnyp barylýan işleriň aňyrsynda kitaphana hünärmenleriniň hem uly zähmetiniň bardygy barada belläp geçdiler. Halkyň bilim derejesini ýokarlandyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary düşünjeli ýaşlary kemala getirmek, päk ahlakly, zehinli hem-de gujur gaýratly ýaşlar Watanymyzyň buýsanjydygy şeýle-de Watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada çykyş etdiler hem-de döredijilik işgärleri öz ýazan şygyrlaryny okap berdiler. Bu bolsa maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda kitaphana ulgamynyň işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy üçin uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.