“Pyragyň arzuwlan zamanasynda, ösdi medeniýetim, ösdi sungatym”


“Pyragyň arzuwlan zamanasynda, ösdi medeniýetim, ösdi sungatym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Pyragyň arzuwlan zamanasynda, ösdi medeniýetim, ösdi sungatym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde, örňemeginde, dünýä tanalmagynda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, eziz Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, bu şanly senäniň taryhy waka bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde we olary halkymyzyň durmuşynda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ykballary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýandygy şeýle-de türkmen edebiýatymyzyň ösmeginde uly yz galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, her bendi, her setiri gyzyla barabar goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şahyryň şygyrlarynyň diňe bir türkmen halkynyň ýüreklerinde orun alman, eýsem dünýä edebiýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolup, goňşy halklaryň söýgüsini gazanandygy hem-de ussat şahyrymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde belentden sarpalanýandygy barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmen medeniýeti”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly ajaýyp eserleriniň ýaşlary terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp aýdymdyr sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, ýokary derejelere ýetirmekde, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dikeltmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.