“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”


“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, medeniýet halkyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigi şeýle-de ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi hem-de Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda şahyr, ýazyjy, mirasgär Öre Daşgynow Magtymguly Pyraga bagşylap ýazan birnäçe goşgularyny okap berdi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda milli Medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, a;yp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.