“Medeniýetim bar, mertebäm bar” atly Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlap döredijilik duşuşygy.


“Medeniýetim bar, mertebäm bar” atly Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlap döredijilik duşuşygy.



Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet we sungat – kalbyň joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga bu merkezde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalar, kitap söýüji ýaşlar hem gatnaşdy. Çagalar türkmen medeniýetini, sungatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.