«Şanyňa toý tutulýar, Ahalteke bedewi»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin etrabyndaky kitaphana şahamçasy bilen 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Şanyňa toý tutulýar, Ahalteke bedewi» ady bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atşynaslyk işini has-da kämilleşdirmek, belende galdyrmak olaryň şan-şöhradyny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýandygy, türkmen halkynyň Ahalteke bedewlerine goýýan hormat sarpasynyň uludygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çärede gurnalan kitap sergileri, mekdep okuwçylarynyň türkmen bedewlerine bagyşlap çeken suratlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýlede Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bagtymyzyň ganaty, Tugramyzyň bezegi, şanyňa toý tutulýar Ahalteke bedewi» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimizi wasp edýän kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň waspynyň giňişleýin beýan edilýänligi şeýle-de gözellikde, ýyndamlykda, wepadarlykda öçmejek yz goýýan, toý-baýramlarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň häzirki wagtda şan-şöhratynyň arşa galýandygy barada gyzykly gürrüň berdiler we şahyrlar öz gezeginde behişdi bedewlerimiziň owadan, ajaýyp görküni wasp edýän şygyrlary bilen çykyş etdiler.