“Çagalaryň bagtyýarlygy-nurana geljege ynam”


“Çagalaryň bagtyýarlygy-nurana geljege ynam”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda ”Gökdere” jülgesindäki “Altyn sümmül” sagaldyş we dync alyş merkezinde “Çagalaryň bagtyýarlygy - nurana geljege ynam” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň dynç alyş möwsümini şatlykly, netijeli geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar dynç alyş merkezlerinde bagtyýar ýaşlaryň joşgunly sesleri belentden ýaňlanýar. Elbetde çagalaryň şatlygy asudalygyň bagtyýarlygyň nyşanydyr. Güneşli ýurdumyzda salkyn saýaly baglar bilen gurşalan dynç alyş merkezlerinde orta mekdeplerden gelen çagalar deň-duşlary bilen tanyşýar hem-de dostlaşýar. Dürli täze-täze oýunlary öwrenip, goşgudyr aýdymlary ýat tutup tomusky dynç alyş möwsümi ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär.
Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.