Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Zagarany bal bolanda iý ” ertekisi


Türkmen halk ertekileri kitabyndan
“Zagarany bal bolanda iý ” ertekisi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Zagarany bal bolanda iý” ertekisinden sesli okaýyş geçirildi.
Çärede halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolandygy şeýle hem, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy, şeýle-de çagalar ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge we şolara meňzemek maksady bilen, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündediler.
Çäräniň dowamynda “Zagarany bal bolanda iý” ertekisindäki oglanyň keşbi hem çagalarda Watana, ene topraga, zähmete bolan söýgüniň ösmegine, batyrlyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmegine uly täsir eden ertekili kitaplar ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy belläp geçildi.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.