“Şarl Pýerronyň jadyly ertekileri”


“Şarl Pýerronyň jadyly ertekileri”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde öz okyjylary bilen fransuz ýazyjysy Şarl Pýerronyň ertekilerinden çeper okaýyş we söhbetdeşlik gurnady.
Ýazyjynyň “Gyzyl şyrdajyk”, “Külbikejik” we “Ädikli pişik” ýaly ertekileri çagalar tarapyndan uly söýgi bilen okalýar.
Alypbaryjy şahyryň ömri-döredijiligi barada gyzykly gürrüň bermek bilen çagalar bilen şahyryň eserlerinden çeper okaýyş bilen dowam etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri “Şarl Pýerronyň jadyly ertekileri” atly kitap sergisini gurnadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.