“Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly oýun bäsleşigi geçirildi


“Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly oýun bäsleşigi geçirildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly söhbetli oýun bäsleşigi geçirildi.
Soňra kitaphananyň hünärmenleri çagalara türkmen halk ertekileri barada ýagny, ýaş nesillerimize berýän ähmiýeti dogrusynda täsin maglumatlary aýdyp berdiler. Körpeler hem öz gezeginde bilýän ertekileri barada uly höwes bilen gürrüň berdiler. Gyzykly söhbetdeşlikden soňra ertekilere degişli surat çekmekde bäsleşdiler we sowal-jogap alyşdylar. Sowallaryň ählisine çagalar pikirlenip, dogry jogap bermäni başardylar. Hünärmenler dynç alyş merkezinde ertekilere bagyşlanyp kitap sergisini gurnadylar.
Çärämiziň soňunda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.