«Il-günüň guwanjy türkmen bedewi»


«Il-günüň guwanjy türkmen bedewi»



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Bedew baýramyna bagyşlap, «Il-günüň guwanjy türkmen bedewi» atly dabara geçirdi. Dabara kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, aýdym-saza höwesjeň çagalar hem gatnaşdy. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara Ahalteke bedewlerimiziň duýgurlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, owadanlygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Çagalar hem türkmen bedewini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphananyň gurnan «Il-günüň guwanjy türkmen bedewi» atly göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.