“Kitap dünýäniň aýnasy”


“Kitap dünýäniň aýnasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada “Kitap dünýäniň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaplar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olaryň üsti bilen köp zada akyl ýetirýäris. Kitap okamagyň yzygyderliligini gazanmak özümizi kämilleşdirmäge ýardam berýär. Şeýle kitaplaryň ýazyjylary bolsa biziň ruhy dünýämize öz täsirini ýetirip, durmuşda kitap okamaga bolan islegimizi artdyrýarlar. Şol ýazyjylaryň kitaplar baradaky paýhasly sözleri bolsa okamagyň, öwrenmegiň, gymmatyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary hem ertirki günlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerligi ündeýän, gollanma bolup durýanlygy barada çärede çykyş edýänler gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.