Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy-ýürekleriň joşguny


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy-ýürekleriň joşguny



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ylham” seýilgähinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy- ýürekleriň joşguny” ady bilen döredijilik duşuşugy geçirildi.
Bu döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýazyjy-şahyrlarymyz öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejä ýetýändigi, Watanymyzyň ösüşi, özgerişi her bir ynsany buýsandyryp, ýüreklerini joşdurýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de şahyrlar döredijiligiň özüne çekiji jadyly dünýäsinden dem alyp ýaşaýan ömrüni sungata, edebiýata baglan ynsanlaryň kalby hyjuwdan, joşgundan püre-pür bolup bu bagtyýar, eşretli zamanany mizemez buýsanç bilen wasp edýändiklerini bellemek bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe ajaýyp şygyrlary okap berdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimize, edebiýatymyza, mirasymyza uly üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.