Şatlykly tomus pasly


Şatlykly tomus pasly



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Şatlykly tomus pasly” ady bilen sergi gurnaldy we gürrüň geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini döretmekde, çagalary watansöýüji ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde uly işler alnyp barylýar. Çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar nesiller sapaly Gökdere jülgesinde tomusky dynç alyş döwri şatlykly pursatlara beslenýär. Olara dynç alyş möwsüminde geçirilýän çärelerde türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp hazynasy bolan türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly häsiýetleriň jemlenendigi hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Soňra çagalara türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaýyşlar okaldy.
Çärä gatnaşýan çagalar bilen türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary barada sorag-jogaplar alyşdylar. Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.