“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Belentligiňe älem içre taý ýokdur, Dünýä nusga bolup dörän Arkadag!” atly dabara


“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli
“Belentligiňe älem içre taý ýokdur,
Dünýä nusga bolup dörän Arkadag!” atly dabara



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Belentligiňe älem içre taý ýokdur, Dünýä nusga bolup dörän Arkadag!” ady bilen dabara geçirildi. Dabara ýazyjy-şahyrlar, kitaphana işgärleri we okyjylar gatnaşyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizi täzelenişiň, ruhubelentligiň, sagdynlygyň ýurduna öwrülendigini belläp geçdiler.
Berkarar döwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilen üstünlikler dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.