Çagalarda kitap okamak endigini sanly ulgamyň üsti bilen wagyz edildi


Çagalarda kitap okamak endigini sanly ulgamyň üsti bilen wagyz edildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz ýaş okyjylarynyň tomus dynç alyş döwründe Gökderedäki “Çynar” dynç alyş merkezinde bolup, https://chagalar-kitaphana.gov.tm/ atly resmi saýtynda çagalaryň arasynda kitap okamak endigini ösdürmek we kitabyň çagalaryň durmuşyndaky tutýan orny barada giňişleýin düşünje berilýär. Munuň özi okyjylar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu saýtda kitaphananyň taryhy barada, geçirilýän çäreler barada, kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Şeýle hem käbir saýt salgylanmalary peýdalanylýar. Kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşýär. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterlidir. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi bilen belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi. Biz — medeniýet, kitaphana işgärleri, geljegimiz bolan ýaş nesiller üçin edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!