“Edep ynsanyň bezegidir”


“Edep ynsanyň bezegidir”



Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, etrabyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, 8-nji saglyk öýüniň we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Edep ynsanyň bezegidir” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda geçirilýän işler, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary mynasyp dowam etdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri özlerinde terbiýelemek, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň saglygyny goramaga jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge uly ähmiýet berilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp eserlerinde ýaşlar barada aýdan parasatly sözlerini, eden sargytlaryny aýdyp berdiler.
Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamanada, bagtyýar durmuşda bagtly ýaşadýan, ata Watanymyzyň egsilmez kuwwatyna, mizemez güýjüne, beýik geljegine deňelýän mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.