Beýik ösüşlere beslenýän Watan
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Beýik ösüşlere beslenýär Watan ” ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýazyjy – şahyrlarymyz öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiziň we sungatymyzyň
gün–günden pajarlap ösýändigini, Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilen medeniýet hepdeligindäki ýakymly wakalary hem-de öz döredijiliklerinde alyp barýan işleri we Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döran kitaplary ertirki günlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimizi adamkärçilik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda şahyrlar Watana, medeniýete, Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan birnäçe goşgularyny okap berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden gurnalan kitap sergisi we suratkeşleriň çeken suratlary okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimize, edebiýatymyza uly üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.