“Zer gadryny zergär biler” atly zergärçilik sungaty barada söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş merkezinde zergärçilik sungatyna bagyşlap, “Zer gadryny zergär biler” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zergärçilik senedi barada hem bilesigeliji ýaşlarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri gyzykly gürrüňler berdiler. Höwesjeň gyzjagazlar hem öz elleri bilen keşdelän nagyşlaryndan, işen alajalaryndan düzülen el işleriniň sergisi bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen milli şaý-sepleri şeýle-de zergärçilik sungaty baradaky kitaplar esasynda gurnalan sergi hem bu merkezde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.