“Kitap paýhas ummany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitap paýhas ummany” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu döwletli işler halkyň bagtyýar durmuşyna, ýurduň güllap ösmegine gönükdirilendigi, bu tutumly işler Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryndan gelip çykýan maksatlarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşlikde Ata Watanymyzda milli medeniýetimize sungatymyza uly sarpa goýulýandygy, halkymyzyň ruhy baýlygy bolan kitabyň ata-babalarymyz tarapyndan irki döwürlerde hem şu günki günümizde kitaba aýratyn üns berilýändigi, çünki döwletimiziň ösüşine ylymyň, bilimiň oňyn täsir edýändigi, şeýle-de elektron kitaphana ulgamynyň işiniň ýola goýulmagy bilen okyjylara uly ýeňillikleriň döredilendigi, döwletimizde döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetine uly hormat goýulýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýtdylar.