“Ertekilere syýahat” atly söhbetdeşlik


“Ertekilere syýahat” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde hemişelik okyjylary bilen “Ertekilere syýahat” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk okyjylarymyz gurjaklar esasynda ertekileri sahnalaşdyryp, gyzykly wagt geçirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.