“Watanym, döwründen döwlet tapanym”


“Watanym, döwründen döwlet tapanym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Watanym, döwründen döwlet tapanym” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi, bagtyýar durmuşyň döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär.
Eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň çäksiz aladasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ykdysady-syýasy, medeni gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly maksatnamalaýyn uly işler alnyp barylýar. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda halkara forumlaryň, festiwallaryň, sergileriň yzygiderli geçirilip, oňa dünýäniň ösen döwletlerinden wekilleriň gatnaşyp, Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent derejeleri, gazanan üstünlikleri, milli-mirasymyz, däp-dessurlarymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen içgin tanyşmaga döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.