Gender deňligi-zenan bagtyýarlygynyň nyşany
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw-tejribe sapaklaryny geçýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gender deňligi-zenan bagtyýarlygynyň nyşany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň mertebesi has hem sarpalanýar. Zenanlar dolandyryşyň hem önümçiligiň dürli ugurlarynda erkekler bilen deň hatarda zähmet çekýärler. Ähli edaralarda zenanlar guramasy işjeňlik görkezýär. Şu günki gün türkmen zenanlary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Söhbetdeşlikde Gender deňligi-jynsyna garamazdan, adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýyşa, düşünjeli, ylymly-bilimli bolup, öz deň-hukuklaryny gazanmaga çagyrýandygy, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerine görä hem çagalara we enelere hemaýat etmek parz iş hasaplanylýandygy, Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ähliumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýändigi hakynda giňişleýin çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynda hem ene mukaddesligi, zenan mähremligi dünýämizi söýgi, mähir bilen baýlaşdyrýandygy, ömrümizi many-mazmun bilen çuňlaşdyrýandygy, şonuň üçin hem halkymyzyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli zenana hormat goýmagy, hemişe goralmaly mukaddeslikdigine düşünýändikleri barada kitapda giňişleýin beýan edilýändigi hakynda söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň zenanlary barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.