“Täze döwür – eýýam geldi Diýara, Alkyş aýdýas, Arkadagly Serdara”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Täze döwür – eýýam geldi Diýara,
Alkyş aýdýas, Arkadagly Serdara” ady bilen sergi gurnaldy we gürrüň geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan şöhratly işleri, beýik başlangyçlary, ýetilen sepgitleri uly üstünlikleri bilen özüniň täze taryhyny ýazýandygyny we mukaddes döwlet baýdagynyň astynda halkymyz bagtyýar geljegini gurup, zähmet çekip, mährem topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürýändigini hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, ilkinji nobatda, il abadançylygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini açyp görkezýän kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.