“Muny bilmek gyzykly” atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi


“Muny bilmek gyzykly” atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky kitaphanasy Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” dynç alyş merkezinde “Muny bilmek gyzykly” atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmenleri dünýä täsinlikleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Mysal üçin: Näme üçin bulutlar dürli şekilde bolýarlar?, Tolkunlar nädip döreýär?, Gyşda penjirede nädip nagyş döreýär?, Ewerest-dünýäniň iň beýik gerşi we haýwanat dünýäsindäki geň-taňlyklar barada çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çagalar uly höwes bilen diňläp, öz bilýänje täsinlikleri barada gürrüň berdiler. Şu çärämizde söhbetdeşligimizden daşary çagalaryň söýgüli “Güneş” žurnalynyň “Täsin dünýä” atly sahypalaryndan sergi gurnaldy.
Çärämiziň soňunda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.