“Bal çagalar - gül Watanyň geljegi”


“Bal çagalar - gül Watanyň geljegi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Bal çagalar-gül Watanyň geljegi” atly göçme sergi gurnaldy we gezelenç geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşap, olaryň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, kämil ösen şahsyýetler edip ýetişdirmek, yhlasly okamaklary üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi, şeýle-de ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gezelenjiň dowamynda çagalara birnäçe türkmen halk ertekilerinden okap berildi hem-de şol ertekiler esasynda sorag-jogap alyşdylar. Türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşan körpelerde uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimizi ýagty geljege ynamly alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.