“Halk paýhasynyň dürdänesi”


“Halk paýhasynyň dürdänesi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Halk paýhasynyň dürdänesi” atly sesli okaýyş geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Çärede tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri, şeýle-de çaganyň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetimiň, dünýägaraýşyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalara “Görogly” eposyndan “Gyratyň ogurlanyşy”, “Öweziň halas edilşi”, “Öwez öýlenen” diýen bölümleri okap berildi. Olaryň gahrymanlary barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärämize gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.