“Mirasymyz-döwrümiziň buýsanjy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda
“Mirasymyz-döwrümiziň buýsanjy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli mirasymyz egsilmez baýlyk bolup hyzmat edýändigi, milli mirasymyza halkyň ruhy baýlygy siňendigi, ruhy baýlygyň özünde bolsa tutuş halkyň geçmişi we ykbaly jemlenendigi, her bir halkyň medeniýeti onuň şu gününi, düýnüni özünde jemleýändigi, medeniýet-halkyň ýüzidigi, türkmeni dünýä tanadan el işlerimiz, zergärçilik, senetçilik...ýaly kesp-kärler täze öwüşgin bilen dikeldilýändigi, olaryň ýaşlara nusgalyk mekdep bolmakda uly ähmiýetiniň bardygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeni-ruhy mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda uly işler alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.