“Täze durmuş rowaç alýar Watanda”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher PM-iň Berkararlyk etrap PB-niň KÝÝIBBI-niň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýünde “Täze durmuş rowaç alýar Watanda” atly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan Rowaç kottejler toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny, bu günki gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän rahat dynç alyş üçin ähli amatlyklar bilen doly üpjün edilen myhmanhanalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toplumlarynyň halkymyza hyzmat edýändigini, bu günki gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň owazasynyň dünýä dolýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda göwher gaşly Awazada hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan giň gerimli işleriň depgini has-da güýçlenip özgerýändigi barada buýsançly bellediler. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.