“Siz haýsy ertekileriň gahrymanlaryny halaýaňyz?”


“Siz haýsy ertekileriň gahrymanlaryny halaýaňyz?”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Siz haýsy ertekileriň gahrymanlaryny halaýaňyz?” at bilen sowal- jogap bäsleşigi geçirildi.
Çärede çykyş edenler çagalarda kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmek maksady bilen, ertekiler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridigi, olarda esasan, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugrundaky göreşleri, arzuw umytlarynyň beýanydygy, şeýle-de ertekilerde adalatyň, hakykatyň, agzybirligiň, dostluguň,
akyl-paýhasyň dabaralanýandygy, açgözlükdir, wagşylykdan üstün çykylýandygy barada täsirli gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekilerinden we dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ertekilerinden bölekler okaldy we şol ertekiler esasynda sorag-jogap alyşdylar hem-de türkmen halk ertekileri, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ertekileri esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyrylyp, çagalara şol ertekileri okamaklyga hödürlenildi.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.