“Türkmen halk ertekileri-terbiýe mekdebi”


“Türkmen halk ertekileri-terbiýe mekdebi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda “Türkmen halk ertekileri-terbiýe mekdebi” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.
Türkmen halkynyň milli mirasy, ruhy baýlyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Häzirki döwrümizde gadymdan gelýän gymmatlyklarymyz, milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň biri hem milli terbiýedir. Ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň watansöýüji, il-güne wepaly bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Şolarda hem ata-babalarymyzdan gelýän nakyllaryň, paýhasly sözleriň, ertekileriň aýratyn orny bardyr.
Çärede Türkmen halk ertekileri atly kitapdan “Garry atanyň nesihaty”, “Akylly Ahmet”, “Ýalandan hassa”, “Dogruçyl oglan”, “Üç dost” ýaly ertekiler okaldy we çagalar bilen şol okalan ertekiler barada söhbetdeşlik guraldy. Çäräniň dowamynda çagalaryň şol okalan ertekilerden doly many çykaryp bilendikleri barada sorag-jogap alyşyldy. Bu okalan ertekiler çagalaryň bilesigelijiliginiň artmagyna, sözleýşiniň ýokarlanmagyna, şonuň ýaly-da, sagdyn nesiller bolup kemala gelmegine uly itergi bermekde ähmiýeti uludyr.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.