Bagtyýar nesilleriň hemrasy kitap


Bagtyýar nesilleriň hemrasy kitap



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Bagtyýar nesilleriň hemrasy kitap” ady bilen sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Bagtyýar nesilleriň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda Gökdere jülgesinde tomusky dynç alyş döwri ajaýyp we ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri barada gürrüň edildi. Türkmen halk ertekilerinden okaldy. Çagalaryň söýgüli kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Mundan başga-da çagalaryň arasynda kitaby söýmekde ähli halkymyza nusga, halypa mekdebi bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ajaýyp zamanamyzy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.