“Berkarar döwlete buýsanç” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde “Berkarar döwlete buýsanç” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda türkmeniň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde alyp barýan taýsyz-tagallalary hem-de bu ugurda ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüňler edildi. Geçirilen söhbetdeşlige “Altyn Asyr” teleradioýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Gurnalan kitap sergisi bilen bir hatarda surat sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.