Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda ata Watanymyzy gülletmekde, dünýä tanatmakda, agzybir halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmakda, eziz Diýarymyzda bilimleriň ojagy bolan kitaphanalary ösdürmekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, ýaşlarymyzyň, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylymly – bilimli, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri, olarda kitaba bolan höwesi, söýgini döretmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi barada gürrüň etdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk döredijiliginiň görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekileriniň ähmiýeti, olardaky janly – jandarlaryň sahylygy, sadalygy, ertekileriň çagalar üçin has-da täsirli bolýanlygy, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermekligiň, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmekligiň çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy, çagalarda Watana, ene topraga, ata-enä, zähmete bolan söýginiň ösmegine, oňat gylyk häsiýetleriň kämilleşmegine uly täsir eden ertekili kitaplaryň ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda eşretli zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.