“Ykbalyň oýansa döwlet ýar bolar”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähinde “Ykbalyň oýansa döwlet ýar bolar” ady bilen sergi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň arzuw eden, günsaýyn ösýän, özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň saýasynda bu günki gün “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bedew bady bilen öňe barýar. Halkymyzyň geçmişini, taryhyny öwrenmekde türkmen ýaşlary üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Çärede paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähinde heýkelleri oturdylan birnäçe ýazyjydyr-şahyrlarymyzyň, türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetlerimiziň döredijiligi dogrusynda gürrüňler etdiler we olaryň kitaplaryndan okap berdiler. Bu kitaplarda şahyrlarymyzyň ajaýyp döwri arzuwlaýan goşgulary, edep-terbiýe baradaky milli ýörelgelerimizi,
edim-gylymlarymyzy, ýaş nesillerimizde mähriban Watanymyza bolan söýgini we buýsanç duýgularyny döredýän eserleri çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda “Ylham” seýilgähinde ýerleşdirilen şahsyýetlerimiziň heýkelleri bilen giňişleýin tanyş etdiler.
Türkmen ýaşlaryna şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.