“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy : Ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda eziz Diýarymyzyň barha rowaçlyklara, üstünliklere beslenýändigi, ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, döretmekleri, zähmet çekmekleri ugrunda uly aladalaryň edilýändigi, döwletimiziň gazanan üstünlikleriniň ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydygy, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar babatda edýän aladalarynyň häzirki döwürde ylymly – bilimli, sowatly, giň gözýetimli ýaşlarymyzyň ösüp ýetişmegine getirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çärede ýaňy – ýakynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde gurnalan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy barada, oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, ýaşlara gymmatly öwüt – nesihatlary bermegi, mundan beýläk hem ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek Kanuna gol çekmegi, forumda geçen döwürde ýerine ýetirilen işler, bu guramanyň öňünde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň beýik geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.