“Heýkeller hem ykballar” atly söhbetdeşlik


“Heýkeller hem ykballar” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Ylham” seýilgähinde öz okyjylary bilen ,,Heýkeller hem ykballar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyz bilen “Ylham” seýilgähinde ýerleşýän görnükli şahsyýetleriň heýkelleri şeýle-de heýkeltaraşlyk sungatynyň aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşan bilesigeliji okyjylarymyz kitaphanamyzyň hünärmenleri bilen bilelikde seýilgähiň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.