“Jelaleddin Rumy - Gündogaryň beýik akyldary”


“Jelaleddin Rumy - Gündogaryň beýik akyldary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Ylham” seýilgähinde “Jelaleddin Rumy - Gündogaryň beýik akyldary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Bu çärede çykyş edenler gadymy Gündogaryň taryhyna öz şan-şöhraty bilen yz goýan şahsyýetleriň biri Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi barada hem-de akyldaryň şygyrlarynyň we kyssa eserleriniň öwüt – nesihat häsiýetli bolup durýandygy we Jelaleddin Rumynyň edebi mirasynyň milli aňyýetiň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Jelaleddin Rumynyň şygyr we kyssa eserlerinden goşgular okaldy.

Çäräniň ahyrynda ylmyň, edebiýatyň, sungatyň dürli ugurlarynda miras galdyran beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.