,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy''


,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy''



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynynyň gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede her bir ynsanyň öz saglygyny goramakda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol – ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň, şonuň bilen bilelikde pyýadalaryň kadalaryny doly, dogry berjaý etmekleri hemişe zerurlyk bolup durýar. Bu meselede her bir ata-enä, mugallyma, terbiýeçä köp zat bagly bolup, çagalaryň, ýaşlaryň hemişe seresaplylygy elden bermezligini gazanmak, olar bilen ýol hereketiniň düzgünleri hakynda yzygiderli düşündiriş geçirmek çagalara aýratyn öz täsirini ýetirýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.