“Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň gözbaşy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 141-nji orta mekdepde “Garaşsyzlyk – bagtyýarlygyň gözbaşy” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede ýurdumyzyň baş baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy, Garaşsyzlygymyzy gazanmaklygyň halkymyz hem–de dünýä bileleşigi üçin örän möhüm taryhy waka bolandygy, Garaşsyzlygyň biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrülendigi we türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige–de eýe edendigi, abadan ýurdumyzda beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmaklygyň uly bagtdygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitaby barada gürrüň berdiler we bu kitapdan birnäçe bölümleri okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.